Matematika okuwynyň umumy möhleti 9 aý bolup (1-nji dereje 3 aý, 2-nji dereje 3 aý, 3-nji dereje 3 aý), Matematika dersini öwretmegiň maksady mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçylara we mekdebi tamamlan ýaşlara düýpli matematiki bilim bermekden we olaryň logiki pikirlenmek endiklerini kemala getirmekden we pikirleniş endiklerini ösdürmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy Permandyr Kararlary bilimdir terbiýe bermek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmäge itergi berdi. Şunlukda, ol wezipeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna alyp bardy. Bilim ulgamynda özgertmeleriň girizilmegi bilimiň hilini gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Oňa hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň döwrebap multimedia, kompýuter tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, interaktiw usulda okatmagyň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşyny giňeltmegine, ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertleri döredýär” diýen sözleri hem güwä geçýär. Matematikany öwrenmek okuwçylarda okamak, netije çykarmak başarnyklaryny we özbaşdak işlemek endiklerini kemala getirmäge, ünslüligi, erkliligi, tutanýerliligi ösdürmäge, zähmetsöýerliligi terbiýelemäge, olaryň ylmy dünýägaraýyşlarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilmelidir. Bu talap matematika sapagynda okatmagy terbiýe bermek bilen utgaşykly alyp barmak arkaly amala aşyrylmalydyr. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.