Ykdysady bilimleriň esaslary

    Ykdysady bilimleriň esaslary okuwynyň möhleti 2 aý dowam edýär. Telekeçilik işjeňligi her bir döwürde hem, ýaşlaryň ünsüni özüne çekipdir, ýagny işjeňligiň bu görnüşi ykysady erkinlik we döredijilikli pikirlenmek, özbaşdak çözgütleri kabul etmek we hojalyk işjeňliginiň dürli görnüşlerini saýlamak mümkinçiligi bilen baglanşykly. “Ykdysady bilimleriň esaslary” atly okuwy orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenilen. Okuwyň maksady: diňleýjilere ykdysadyýetiň esaslaryny öwretmek, telekeçiligiň we telekeçiligi meýilleşdirmegiň esaslary, işjeň etiketi bilen tanyşdyrmak bolup durýar. Okuwyň täze mazmuny özleşdirilende jemgeýetçilik ylymlary bolan matematika, geografiýa, taryh, edebiýat, iňlis dili ýaly dersleriň arasyndaky baglanşyk saklanylýar. Okuwyň wezipeleri: *Diňleýjileriň ykdysady bilimlerini ösdürmek; *Ykdysady çözgütler hakyndaky jogapkärçiligi hem-de telekeçilik işine we zähmete hormat goýmaklygy terbiýelemek; *Ydysady maglumatlary kabul etmek we tankydy taýdan düşünmek hakyndaky başarnyklary özleşdirmek; *Jemgyýetçilik wakalara syýasy we ykdysady nukdaý nazardan seretmek; *Telekeçiligiň we telekeçiligi meýilleşdirmegiň esaslaryny özleşdirmek; *Telekeçilik meýilnamasyny düzmekligi başarmak; *Alynan bilimleri ulanmak boýunça tejribe toplamak. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.