Ofisiant hünärine giriş

    Ofisiant hünärine giriş okuwynyň möhleti 1 aý dowam edip, Okuwyň maksady: diňleýjileriň nazary, amaly bilimleri özleşdirip, tejribe okuwlarynda dürli görnüşli iýmit kärhanalaryň müşderilerine hyzmat etmeklik endiklerini öwretmek. Hödürlenilýän okuw diňleýjilere iýmit hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň dürli görnüşlerinde işlemek üçin gerekli bilimleri we endikleri almaklyga mümkinçilik berýär. Bu okuw amaly bilimleriň nazary bilimler bilen utgaşdyrylyşynyň esasynda gurnalan. Okuwyň dowamynda okatmaklygyň interaktiw usullary: işewir oýunlar, ýagdaýy derňemeklik ulanylýar. Şeýle-de, okuwyň dowamynda diňleýjiler ýurdumyzyň iýmit kärhanalarynda tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribe okuwlaryny geçerler. “Ofisiant hünärine giriş” okuwyň iş maksatnamasyna: iýmit kärhanalarynda özüňi alyp barmaklygyň etikasy we psihologiýasy, iş tertip-düzgünlerini we ofisiantyň işiniň gurnalyşy ýaly temalar açylyp görkezilen. Bu maksatnama laýyklykda bilim alýan diňleýjiler ofisiant işi hakynda diňe bir nazary bilimler almak bilen çäklenmän, eýsem amaly okuwynyň dowamynda amaly ýumuşlaryny hem ýerine ýetirerler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.