Gid-terjimeçi okuwynyň möhleti 2 aý dowam edip, Okuwyň maksady: daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalarda we edaralarda gid terjimeçi wezipesinde işlemeklige isleg bildirýän raýatlara “Gid-terjimeçi” ugry boýunça gerekli bilimleri we endikleri bermek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.