Bagban-nahal oturdyjy okuwynyň möhleti 1 aý dowam edip, Okuwyň maksady: öwrenje bagbanlara bilim berip, olara bagban hünäriniň esasy endiklerini öwretmek. Hödürlenilýän okuw kursy diňleýjilere bagbançylyk hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň dürli görnüşlerinde, başga kärhanalarda bagban hökmünde işlemek üçin gerekli bilimleri we endikleri almaklyga mümkinçilik berýär. «Bagban» okuwynyň iş maksatnamasynda gül-dekoratiw ösümlikleri açyk we ýapyk toprakda ösdürip ýetişdirmek, ösümlikleri açyk topraga oturtmak, şitil görnüşinde we şitil däl (wegetatiw) görnüşde köpeldilen ösümliklere ideg etmek, agaçlary we gyrymsy agaçlary ösdürip ýetişdirmek, howdanlaryň, rokariýleriň we alpinariýleriň gurluşy we idegi boýunça işleri alyp barmak ýaly temalar açylyp görkezilen. Bu maksatnama laýyklykda bilim alan diňleýjiler bagbançylyk ugry hakynda diňe bir nazary bilimler almak bilen çäklenmän, eýsem tejribe okuwynyň dowamynda tejribe ýumuşlaryny hem ýerine ýetirerler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.