“Iňlis dili – Beginner, Elementary, Pre-Intermediate, Intermediate, Upper Intermediate, Advanced, TOEFL Course”

    “Iňlis dili – Beginner, Elementary, Pre-Intermediate, Intermediate, Upper Intermediate, Advanced, TOEFL Course” okuwlarynyň her tapgyry 3 aý dowam edýär. Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Beginner” tapgyryny tamamlan diňleýjiler Iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sagada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýada okap bilerler, gündelik durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni ýada ýanyndaky kişini tanadyp bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Elementary” tapgyryny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, Beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalaryny sorap bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler, öten zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary barada gürläp bilerler (ability-CAN), sanalýan sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimleri ýada adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Pre Intermediate” tapgyryny tamamlan diňleýjiler gündelik işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlary bilen has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap öwrenip özleşdirip bilerler, dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryna aňsatlyk bilen düşünip bilerler, daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler, başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Intermediate” tapgyryny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurduň raýatlary bilen birnäçe tema hakynda uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap, düşünip, ýazyp bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we bu terminleri ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatiw we pozitiw düşünjelerini beýan edip bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Upper Intermediate” tapgyryny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurduň raýatlary bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryna has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, özleşdirip, aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iňlis dilini jemgyýetimizde her hli pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “Advanced” tapgyryny tamamlan diňleýjiler kurs möhletiniň dowamynda birnäçe temalarda maslahatlaşylýan pikiriň peýdaly ýada peýdasyz taraplarynyň özleşdirilenligi sebäpli iňlis dilinde öz pikirlerini aňsatlyk bilen beýan edip bilerler.-- Iňlis dili, (6-njy synp we uly ýaşdaky raýatlar üçin) “TOEFL Course” tapgyryny tamamlan diňleýjiler birnäçe daşary ýurt okuw synaglarynyň sütüni TOEFL synagynyň aýratynlyklaryny özleşdirerler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.