Başlangyç (I-IV) synp okuwçylaryna mekdepde okadylýan dersler boýunça bilimlerini berkitmek we düşünjelerini ösdürmek üçin jemi 7 (ýedi) sany okuw dersi boýunça goşmaça okuw sapaklary geçirilýär: Olar: Matematika, Informatika, Türkmen dili, Rus dili, Iňlis dili, Ýaşaýyş durmuş esaslary, Aýdym-saz dersleridir. Okuwlaryň dowamlylygy jemi 34 hepde (I çärýekde-8 hepde, II çärýekde-8 hepde, III çärýekde-10 hepde, IV çärýekde-8 hepde). Bu okuwlaryň esasy maksady – okuwçylara mekdepde alan bilimlerini berkitmek mümkinçiligi bilen bir hatarda, olara gelejekde ylym-bilim älemine has içgin we ynamly aralaşmaga zerur bolan şertleri döretmekdir. Goşmaça okuwlarymyz başlangyç synplarda dürli sebäplere görä okuw sapaklaryny gowşak öwrenen, ýa-da käbir temalary ýatlaryndan çykaran okuwçylara hem materiallary gaýtadan öwrenip, özleşdirmekligi üçin hem degişli mümkinçilikleri döredýär. Okuwlarymyz mekdep okuwçylaryna geljekde olaryň sapaklarynda, dürli derejelerdäki olimpiadalarda, referatlar bilen çykyşlaryny taýýarlamakda uly kömek berer diýip hasaplaýarys. Okuw üçin gerekli resminamalar: Okuwçynyň 1 (bir) sany 3x4-lik suraty, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy we ene-atasynyň (haýsy hem bolsa biriniň ýa-da ýakyn hossarynyň) raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.