2025-02-22
Iş berijiler üçin sowalnamalar
Bu sowalnamalar iş berijileriň talaplary bilen bilim maksatnamalarynyň arasyndaky üzňeligi seljermek üçin zerur bolan maglumatlary toplamak maksady bilen işlenip düzüldi. Olar standartlaşdyrylan (jogaby saýlanmaly) soraglary hem-de jogaplary anyklaşdyrmak üçin açyk bentleri öz içine alýar.
Iş berijiler üçin sowalnama
Maksady: işewür toparlarynyň işgärlere bolan zerurlyklaryny ýüze çykarmak, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini bahalandyrmak we bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini kesgitlemek.
1. Kompaniýa barada umumy maglumatlar
1.1. Kompaniýanyň ady: __________________________________
1.2. Iş ugry:
• ☐ Senagat
• ☐ Gurluşyk
• ☐ IT we telekommunikasiýalar
• ☐ Maliýe we bank ulgamy
• ☐ Söwda we hyzmatlar
• ☐ Oba hojalygy
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
1.3. Kärhanada işleýän işgärleriň sany:
• ☐ 50-den az
• ☐ 50–250
• ☐ 250–1000
• ☐ 1000-den köp
2. Işgärlere bolan zerurlyklar
2.1. Haýsy hünärmenlere has uly zerurlyk bar? (3-den köp bolmaly däl)
• ☐ Inženerler
• ☐ Programma düzüjiler
• ☐ Ykdysadyýetçiler we maliýeçiler
• ☐ Tehnikler we mehanikler
• ☐ Logistler
• ☐ Marketing hünärmenleri
• ☐ Ýokary derejeli işçiler (kebşirleýji, tokar we ş.m.)
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
2.2. Siziň kompaniýaňyzda işlemek üçin uçurymlaryň iň esasy ygtybarlylyklary haýsylar? (5-den köp bolmaly däl)
• ☐ Analitiki pikirlenişi
• ☐ Amaly iş tejribesi
• ☐ Häzirki zaman enjamlaryny ulanmak başarnyklary
• ☐ Daşary ýurt dillerini bilmegi
• ☐ Programma düzmäge we sanly ulgama degişli ukyplary
• ☐ Kommunikatiw (aragatnaşyk) ukyplary
• ☐ Dolandyryş ukyplary
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
2.3. Bilim edaralarynyň uçurymlary siziň talaplaryňyza laýyk gelýärmi?
• ☐ Doly laýyk gelýär
• ☐ Esasan laýyk gelýär, ýöne käbir kemçilikler bar
• ☐ Bölekleýin laýyk gelýär, goşmaça okuw geçmek gerek
• ☐ Doly gaýtadan okuw geçmek zerur, düýbünden laýyk gelenok
2.4. Uçurymlaryň biliminde we başarnyklarynda haýsy esasy ýetmezçilikleri görýärsiňiz? (3-den köp bolmaly däl)
• ☐ Amaly başarnyklaryň ýetmezçiligi
• ☐ Häzirki zaman tehnologiýalaryna düşünmezlik
• ☐ Hünär taýýarlygynyň pes derejesi
• ☐ Dolandyryş we liderlik başarnyklarynyň gowşaklygy
• ☐ Sanly tehnologiýalar boýunça biliminiň pes bolmagy
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
3. Bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk
3.1. Bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyňyz barmy?
• ☐ Hawa, işjeň hyzmatdaşlyk edýäris
• ☐ Hawa, ýöne yzygiderli däl
• ☐ Ýok, ýöne hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
• ☐ Ýok, meýilleşdirmeýäris
3.2. Hyzmatdaşlyk etmegiň haýsy görnüşlerine gatnaşmaga taýýar? (degişlilerini saýlaň)
• ☐ Bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge we täzeläp durmaga
• ☐ Iş saparlaryny we tejribelikleri guramaga
• ☐ Halypaçylyk etmek we bilim bermek işine gatnaşmaga
• ☐ Okuw barlaghanalaryny döretmäge
• ☐ Talyplar üçin bäsleşiklerini we ýaryşlaryny geçirmäge
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
3.3. Talyplary bölekleýin iş bilen üpjün etmek şertlerinde (0,5 iş ýüki bilen) olary işe kabul etmäge taýýarmysyňyz?
• ☐ Hawa
• ☐ Eger dalaşgär talaplara laýyk bolsa
• ☐ Ýok
3.4. Bilim edaralary bilen özara işleşmegi goldamagyň haýsy görnüşlerini has netijeli hasap edýärsiňiz?
• ☐ Bilimi goldaýan kärhanalara salgyt ýeňillikleriniň berilmegi
• ☐ Bilelikdäki taslamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi
• ☐ Ýörite okuw grantlaryny döretmek
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
4. Goşmaça teswirler
Siziň pikiriňizçe, ýokary isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim ulgamynda nämäni gowulandyrmaly?
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Bilim edaralary üçin sowalnama
Maksady: iş berijiler bilen özara hyzmatdaşlygyň derejesini bahalandyrmak, hünärmenleri taýýarlamagyň esasy meselelerini we olary kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak.
2. Edara barada umumy maglumatlar
1.1. Bilim edarasynyň ady: __________________________________
1.2. Bilimiň derejesi:
• ☐ hünär-tehniki okuw mekdebi
• ☐ orta hünär okuw mekdebi
• ☐ ýokary okuw mekdebi
1.3. Üstümizdäki okuw ýylynda talyplaryň sany:
• ☐ 500-den az
• ☐ 500–1000
• ☐ 1000–5000
• ☐ 5000-den köp
2. Iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk
2.1. Kärhanalar we iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk edýärsiňizmi?
• ☐ Hawa, işjeň hyzmatdaşlyk edýäris
• ☐ Hawa, emma çäkli görnüşde
• ☐ Ýok, emma meýilleşdirýäris
• ☐ Ýok, zerurlyk ýok
2.2. Hyzmatdaşlygyň haýsy görnüşlerine gatnaşýarsyňyz? (degişlilerini saýlaň)
• ☐ Okuw maksatnamalaryny bilelikde işläp düzmek
• ☐ Iş saparlaryny we tejribelikleri guramak
• ☐ Işewür toparlaryň wekilleriniň okuw işine gatnaşmagy
• ☐ Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary amala aşyrmak
• ☐ Kärhananyň binýadynda barlaghanalary we okuw otaglaryny döretmek
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
2.3. Iş berijiler okuw maksatnamalaryny işläp düzmäge nä derejede gatnaşýarlar?
• ☐ Örän işjeň
• ☐ Ortaça işjeňlikde
• ☐ Resmi taýdan gatnaşmaly, ýöne hakykatynda gatnaşmaýar
• ☐ Gatnaşmaýar
3. Uçurymlaryň taýýarlygynyň hilini bahalandyrmak
3.1. Okuw maksatnamalarynyň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýändigine nähili baha berýärsiňiz?
• ☐ Doly laýyk gelýär
• ☐ Esasan laýyk gelýär
• ☐ Bölekleýin laýyk gelýär, üstünde goşmaça işlemek zerur
• ☐ Düýbünden laýyk gelenok
3.2. Hünärmenleri taýýarlamakda esasy meseleler haýsylar? (3-den köp bolmaly däl)
• ☐ Amaly okuwyň ýetmezçilik etmegi
• ☐ Okuw maksatnamalarynyň könelmegi
• ☐ Iş berijileriň okuw işine ýeterlik derejede gatnaşmazlygy
• ☐ Bilimiň sanlylaşdyrylmagynyň pesligi
• ☐ Talyplaryň höwesiniň pes derejesi
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
4. Hyzmatdaşlygy ösdürmek
4.1. Haýsy çäreler iş berijiler bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berip biler?
• ☐ Talyplaryň tejribeligi hökman kärhanalarda geçmegi
• ☐ Bilelikdäki okuw maksatnamalaryny döretmek
• ☐ Dual (okuwlaryň 40% çenli göwrümini önümçilikde guramak) bilimi ornaşdyrmak
• ☐ Işewürlik toparlary tarapyndan maliýeleşdirmegiň gerimini giňeltmek
• ☐ Başga (görkezmeli) _______________
4.2. Okuw mekdebiňizde sapaklary geçirmek üçin işewür toparlaryň wekillerini kabul etmäge taýýarmysyňyz?
• ☐ Hawa
• ☐ Bize gerekli hünärmenler bar bolsa
• ☐ Ýok
5. Goşmaça teswirler
Siziň pikiriňizçe, haýsy başlangyçlar iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyryp biler?
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________