Auto CAD we 3 D Max programmalarynyň esaslary

    Auto CAD we 3 D Max programmalarynyň esaslary okuwynyň möhleti 3 aý dowam edip, Okuwyň maksady: diňleýjilere AutoCAD we 3D Max programmalary bilen işlemegiň esaslaryny öwretmek. Üç ölçegli grafikanyň serişdelerini ulanmak bilen üç ölçegli suratlary döretmekde nazary we tejribe bilimleri almak we özleşdirmek. Okuwyň usuly maksady: Diňleýjileriň intellektual we döredijilik endiklerini ösdürmek; Diňleýijileriň AutoCAD we 3D Max programmalarynda işlemek endiklerini ösdürmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.