Işgär iş dolandyryjylyk we arhiw işi

    Işgär iş dolandyryjylyk we arhiw işi okuwynyň möhleti 3 aý dowam edip, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda pudaklaýyn edaralarda, guramalarda iş dolanyşygyny gurnamak, dolandyryşyň resminamalaýyn üpjünçiligini ýeke-täk kadalaşdyryjy hukuk we usulyýet esasynda kämilleşdirilişini, dolandyryş resminamalaryň düzümi, olaryň görnüşleri hem-de olar bilen işleşmegiň tehnologiýasy barada giňişleýin düşünje berýär we işgär iş dolandyryjylygy çäginde işlejek hünärmenlere niýetlenilýär. Okuwyň maksady: Işgär iş dolandyryjylygyň çaginde işlejek hünärmenlere bilim bermek. Okuwyň usuly maksady: • Diňleýjilere iş dolandyryjy wezipesi hakynda düşünje bermek; • Diňleýjilere iş dolandyryjylygyň we arhiw işiniň ýörelgeleri, resminamalaryň görnüşleri we olar bilen işlemegiň kadalary hakynda düşünje bermek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.