Kompýuter sowatlylygy

    Kompýuter sowatlylygy okuwynyň umumy möhleti 7 aý bolup (3 dereje: I dereje 1 aý; II we III derejeler 3 aýdan), Okuwyň maksady: diňleýjilere kompýuter sowatlylygynyň esaslaryny öwretmek. “Kompýuter sowatlylygy I” we “Kompýuter sowatlylygy II” tapgyryny üstünlikli tamamlan diňleýjiler kompýuter tilsimatynyň başlangyç maglumatlaryny biler. Kompýuteriň operasion ulgamy bolan Windows maksatnamasyny öwrenip, faýl, bukja düşünjelerini özleşdirer. Kompýuteriň umumy sazlamalaryny öwrener. Kompýutere beýleki maksatnamalary gurnamagy, aýyrmagy, kompýuteriň dilini sazlamagy bilerler. Resminamalaryň üstünde Microsoft Word maksatnamasynyň kömegi bilen işläp biler, kepilnamalary, gutlag hatlaryny, tablisalar bilen baglanyşykly hemme işleri taýýarlap bilerler, Microsoft Excel maksatnamasynyň kömegi bilen hasabat işlerini ýerine ýetirip biler. Micorosoft powerpoint maksatnamasynyň kömegi bilen slaýt taýýarlamagy, hereketli ýazgylary taýýarlamagy öwrenerler. Internet dersinde diňleýjiler internet ulgamy barada umumy düşünje edinip, Internet ulgamyndan özlerine gerekli maglumatlary gözlemegi, gerekli surat ýa-da hat görnüşli maglumatlary özlerine almagy öwrenerler. “Kompýuter sowatlylygy III” tapgyryny tamamlan diňleýjiler Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen suratlaryň üstünde işläp, köne suratlary oňarmagy, reňklemegi bilerler. Adobe Illustrator programmasynda bolsa çyzyklardan ybarat grafik taslamalary döredip, žurnal, broşura ýaly mahabatlandyryş işlerini amala aşyryp bilerler. Coreldraw programmasynyň kömegi bilen mahabatlandyrma işlerini kiçi ýa-da uly göwrümli grafikalary taýýarlamagy öwrenerler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.