1C programma boýunça işgärleri dolandyrmak okuwynyň dowamlylygy 1 aý möhlet dowam edýär. Onda kiçi we orta telekeçilik işiniň subýektleri bolup durýan kärhanalarynyň işgärlerine 1C kompýuter programmasynda işgärleri dolandyrmagyň esaslaryny we olara degişli resminamalar bilen işleşmekligi öwredilýär. Okuw geçilmegi niýetlenen toparlar: kiçi we orta işewürlikde iş alyp barýan kärhanalaryň işgärler bölümi; ýokary, orta we aşaky gatlakdaky kärhanalaryň işgärler bölümi: täjirçilik guramalarynyň işgärleri; döwlet edaralarynyň işgärleri; kiçi kärhananyň işgärler bölüminiň işgäri wezipesine dalaş edilýänler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.