Sanly marketing we sanly mahabat okuwynyň dowamlylygy 3 aý dowam edýär. Bu okuw marketingiň esaslary we bu çäklerde wezipeleriň hem-de kabul edilýän çözgütleriň düzümi barada düşünje bermekden, täze global gipermedia gurşawynda marketing gurallaryndan peýdalanmagyň aýratynlyklaryny görkezmekden, bu ýörelgeleri we usullary edaralaryň hem-de kärhanalaryň amaly işlerinde peýdalanmaga gönükdirilendir. Okuwyň esasy wezipeleri: Türkmenistanda sanly marketing we sanly mahabat çygryna degişli kada-kanun üpjünçiligini öwretmek, internet bazaryň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin zerur bolan internet bazaryna nazary düşünje bermek, sanly marketingiň we sanly mahabatyň dürli görnüşleri hakynda bilim bermek, kärhanalaryň, guramalaryň internet we sanly aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini ulanyp, müşderiler bilen aragatnaşyk gurmak üçin harytlary mahabatlandyrmaklygy öwretmek, kärhanalaryň we şereketleriň sanly marketingiň we sanly mahabatyň ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.