Ösümlikçilik okuwynyň möhleti 3 aý dowam edip, “Ösümlikçilik” okuwyny öwretmegiň esasy meselesi diňleýjilere ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň dürli görnüşli hojalyklarynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde täze tehnologiýalary we tehnikalary ylmy esasda dogry we netijeli ulanmagyň düzgünlerini, geçirilýän ekerançylyk çäreleriniň möhletleri, hili barada ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň maglumatlaryny, mümkinçiliklerini ulanmaklygy başaryp bilmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. “Ösümlikçilik” okuwynyň esasy maksady bu okuwy okaýan diňleýjileriň - kösükli däneli ekinleriň, ýag berýän ekinleriň, ot-iýmlik ekinleriň, köki miweli we kluben miweli ekinler barada maglumatlary we tejribe taýdan düşünje bermek, ösümlikleriň syna we ýaşaýyş aýratynlyklaryna akyl ýetirip, ekilýän görnüşleriň ekilişini dogry ulanyp bilmekliklerini gazanmak; - geljekki seçgiçilere oba hojalyk ekinlerinden ýokary we oňat hilli hasyl almagyň kämil ýollary bilen tanyşdyrmaklygy, geçirilmeli ekerançylyk çäreleri barada peýdaly maglumatlary öwretmekligi, ekerançylyk bilen meşgul bolýan daýhan jemgyýetinde ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan tehnologiýalary we tehnikalary özbaşdak alyp barmaklygyny gazanmak; - diňleýjilere ösümlikçiligi okatmagyň usulyýetleri barada ýokary derejede düşünjeleri bermek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.