Taryh okuwy 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrynyň möhleti 3 aý dowam edýär. “Taryh” dersi ynsanperwer bilimlere degişli bolup, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini we terbiýelenmegini, adamzadyň taryhy tejribesi esasynda okuw döwründe ukyplaryny kesgitlemegi, taryhy bilimleri işjeň we döredijilikli peýdalanmagy başarmaklaryny maksat edip goýýar. Taryh dersini öwretmegiň wezipeleri: - okuwçylaryň iň gadymy döwürden häzirki döwre çenli durmuş, ykdysady, syýasy, ruhy we ahlak taýdan adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň esasy basgançaklary, dünýä-taryhy prosesinde Türkmenistanyň orny baradaky esasy bilimlere eýe bolmagy; - dürli taryhy maglumatlary geçmiş we häzirki wagtyň wakalary we hadysalary taryhnama, olaryň ösüşi we özara baglanyşygy (özara şertlendirýän) esasynda seljermek ukyplaryny ösdürmek; - okuwçylary dünýäniň adamlarynyň arasyndaky parahatçylygy, özara düşünişmek, dine hormat goýmak pikirlerine laýyklykda häzirki zaman jemgyýetiň demokratik gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek; - ýaş nesillerimizde daş-töwerekde raýat hökmünde etnomilligi, sosiallygy, öz-özüňi medeni taýdan kesgitlemegi; olarda köpdürli etniki jemgyýetde beýleki adamlar bilen gatnaşykda dürli halklaryň medeniýetine hormat goýmak we häzirki zaman jemgyýetçilik hadysalarynyň mazmunyna düşünmek üçin taryhy bilimleri peýdalanyp bilmek başarnyklaryny kemala getirmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.