“Iňlis dili – Let’s Go 1, Let’s Go 2, Let’s Go 3, Let’s Go 4, Let’s Go 5, Let’s Go 6” okuwlarynyň her tapgyry 3 aý dowam edýär. Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 1” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalar üçin, Iňlis dilini söýdürmek, iňlis dilini öwrenmäge taýýarlyk maksatly düzüldi. Bu kursy tamamlan diňleýjiler Iňlis diliniň harplaryny, reňklerini, şekilleri, maşgala agzalaryny, iymitleri we käbir okuw esbaplarynyň, oýunjaklaryň we haýwanalryň atlaryny öwrenerler. Şol bir sanda başlangyç gürrüňdeşlikleri hem geçirip bilerler. Bu bolsa çagalaryň diliniň iňlis diline öwrenişmegine ýardam berer. Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 2” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalara kärler, gündelik edýän işleri, öýleri we onuň otaglary, sagatlar, ýöňkemeler, ukyp we başarjaňlyklary baradaky maglumatlary we gepleşikleri öwrenmeklerine ýardam berer. Kursy üstünlikli tamamlan diňleýjiler Iňlis dilinde sada sözlemler arkaly ýokardaky temalar barada öz pikirlerini beýan edip bilerler.-- Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 3” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalar üçin Iňlis dilini öwrenmäge taýýarlyk maksatly düzüldi. Bu kursy tamamlan diňleýjiler Iňlis dilinde egin-eşikeler, sagatlar we wagtlary aýtmagy, öten zaman we häzirki zaman arkaly düýn we bugün barada gürrüň bermegi, iş ýerleri baradaky maglumatlary ( dermanhana, kitaphana, teatr we ş.m. ) öwrenerler. Şol bir sanda başlangyç gürrüňdeşlikleri hem geçirip bilerler. Bu bolsa çagalaryň diliniň iňlis diline öwrenişmegine ýardam berer.-- Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 4” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalar üçin Iňlis dilinde dürli hassalyklar we olaryň alamatlaryny düşündirmegi öwrenýärler. Şol bir sanda geljek baradaky maksatlaryny we isleg-arzuwlaryny, duýgy-düşünjelerini beýan etmäge ýardam berer. Mekdepde öwrenilýän dersleriň Iňlis dilinde atlaryny we olar barada giňişleýin maglumat bermegi maksat edinýär.-- Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 5” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalar üçin Iňlis dilinde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan jemgyýetçilik ýerlerinde zatlary deňeşdirmek, käte gerek bolan halatynda, eýsem, nyrh soramagy, söwda etmegi öwrenerler. Munyň ýany bilen dynç günlerinde adamlaryň dynç alýan pursatlary ýerine ýetirýän köpçülikleýin medeni çäreleri hakyndaky söhbetdeşlikler we gürrüňdeşlikleri, haýsy pasylda nähili işleriň ýerine ýetirilip bilinjekdigi baradaky giňişleýin maglumat edinip bilerler.-- Iňlis dili, (2-nji synpdan 5-nji synpa çenli raýatlar üçin) “Let’s Go 6” tapgyryny kiçi ýaşdaky çagalar üçin Iňlis dilinde mekdep günlerini we şol günlerde edilýän işleri öwrenip bilerler. Diňleýjiler geljekdäki öňde goýan maksatlaryny we amala aşyrmak isleýän arzuwlary barada gürrüň bermäge ukyply bolarlar. Daşary ýurtlar we olaryň şäherleri hem-de dillerini Iňlis dilinde öwrenip, olaryň aýratynlyklaryny we kartanyň üstünde işlemegi başararlar. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.