Hytaý dili

    Hytaý dili okuwynyň umumy möhleti 6 aý (1-nji dereje (başlangyç dereje) 3 aý, 2-nji dereje (grammatika) 3 aý) dowam edip, Okuwyň maksady: diňleýjilerde kommunikatiw endikleriniň esasy dört ugruny (geplemek, düşünmek, okamak, ýazmak) kämilleşdirmek. Okuwyň wezipeleri: diňleýjilerde kommunikatiw endikleriniň esasy 4 ugruny kämilleşdirmek; gepleşik endiklerini kemala getirmek; hytaý iýerogliflerini öwretmek; durmuş-medeni endiklerini kemala getirmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.