1C buhgalter hasaby okuwynyň möhleti 1 aý dowam edip, Okuwyň maksady : Kiçi we orta telekeçilik işiniň subýektleri bolup durýan kärhanalarynyň işgärlerine 1C kompýuter programmasynda maliýe hasabatlylygyny taýýarlamagyň esaslaryny we buhgalter hasabyna degişli resminamalar bilen işleşmekligi öwretmek. Okuwyň geçilmegi niýetlenen toparlar : • kiçi we orta işewürlikde iş alyp barýan telekeçiler; • ýokary orta we aşaky gatlaklaryň ýolbaşçylary; • täjirçilik guramalaryň işgärleri; • döwlet edaralarynyň işgärleri; • kiçi kärhananyň buhgalteri wezipesine dalaş edýänler. Okuwyň usuly maksady : • 1C uniwersal programmasynyň kömegi bilen diňleýjileri kompýuterde maliýe hasabatlylygyny ýöretmekligi öwretmek; • Kärhananyň talabyna laýyklykda jemlenen we jikme-jik hasabaty alyp barmaklygy öwretmek; • Hasaplaryň meýilnamasyny, ilkinji resminamalary, hasabatlar bilen işleşmekligi, olary doldurmaklygy we üýtgetmekligi başarmak; Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjiler: • 1C kompýuter programmasynda maliýe hasabatlylygyny taýýarlamagyň esaslaryny we buhgalter hasabyna degişli resminamalar bilen işleşmekligi bilmeli; • okuwyň dowamynda özleşdiren bilimlerini iş tejribesinde ulanmaklygy; • maliýe maglumatlary seljermek esasynda meýilnamalary düzmekligi, netije çykarmaklygy, esaslandyrylan üýtgetmeleri girizmekligi başarmaly. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.