Biologiýa okuwy 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrynyň möhleti 3 aý dowam edýär. Biologiýa dersini öwretmegiň maksady biologiýanyň ähli bölümleri boýunça ýaşlara çuňlaşdyrylan goşmaça bilim bermekden, olaryň okuw materiallaryny doly öwrenip, bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Biologiýa dersi 3 tapgyra bölünilip, onuň 1-nji tapgyrynda botanika, zoologiýa ýaly dersler; 2-nji tapgyrynda adamyň anatomiýsy we fiziologiýsy, umumy biologiýa; 3-nji tapgyrynda bolsa umumy biologiýa dersini okatmaklyk meýilleşdirilýär. Biologiýany öwrenmek okuwçylarda janly tebigat, ýaşaýyş baradaky ylmy dünýägaraýşy kemala getirmekde, olara watançylyk, ahlak, gözellik, terbiýesini bermekde, tebigata we zähmete söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr. Okuwçylar biologiýa dersini özleşdirmek bilen Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň ýüze çykmagynyň sebäpleri, onuň taryhy ösüşi, janly tebigatyň dürli derejedäki guramalary, olaryň gurluşlary, ýerine ýetirýän işleri, biologik sistemalar bilen daşky gurşawyň arasyndaky baglanyşyklar, biologik sistemalaryň bitewüligi, öz-özüni sazlap bilmek ukyby we beýlekiler barada çuňňur bilim alýarlar. Şeýle hem olar bu dersiň üsti bilen adamyň hojalyk işleriniň tebigata täsiri, onuň netijeleri hem-de Ýer planetasynda bolup geçýän älem möçberli (global) we sebitleýin biologik özgerişleriň ugurlary, ekologik meseleler, adam saglygyny goramagyň we berkitmegiň ylmy esaslary baradaky maglumatlary öwrenýärler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.