Myhmanhana hojalygynyň serenjamçysy okuwynyň möhleti 1 aý dowam edip, Okuwyň maksady: ýerleşdiriş hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň dürli görnüşleri üçin serenjamçylary taýýarlamak. Hödürlenilýän okuw ugry diňleýjilere ýerleşdiriş hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň dürli görnüşlerinde işlemek üçin gerekli bilimleri we endikleri almaklyga mümkinçilik berýär. Bu okuw amaly we nazary okuwlary utgaşdyrylmagynyň esasynda gurnalan. Okuwyň dowamynda okatmaklygyň interaktiw, işewür oýunlar, işde döreýän ýagdaýlary derňemeklik usullary ulanylýar. «Myhmanhana hojalygynyň serenjamçysy» okuwyň iş maksatnamasynda myhmanhanada özüňi alyp barmaklygyň etikasy we psihologiýasy, kär borçnamalary we serenjamçylyk gullugynyň işiniň gurnalyşy ýaly temalar açylyp görkezilýär. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.