Mental arifmetika

    "Mental arifmetika" okuwynyň dowamlylygy 3 aý dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ösüp barýan ýurdumyzda matematikany öwretmekde beýleki ösen döwletler bilen bir hatarda döwrüň talaplaryna görä ýaş nesle  bilim bermegiň innowasiýon usullaryny oýlap tapmak esasy mesele bolup durýar. Bu babatda çagalaryň pikirlenmesini ösdürmekde, olarda akyl zähmetiniň başarnyklaryny we endiklerini terbiýelemekde matematikanyň uly ähmiýetiniň bardygy mesemälimdir. Bu perspektiwadan ugur alnyp “Kiçi ýaşly çagalar üçin mental arifmetika” we “Çagalar üçin mental arifmetika” derslerini gysga wagtda has çuňňur we ginişleýin öwretmek maksady bilen okuw maksatnamasy dokuz tapgyrda okatmak niýetlenildi. “Kiçi ýaşly çagalar üçin mental arifmetika I” tapgyry 6-9 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda abakus bilen tanyşarlar. Aşaky we ýokarky monjuklarda belli tertipde birbelgili we ikibelgili natural sanlary aňsatlyk bilen goşup hem aýryp bilerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Kiçi ýaşly çagalar üçin mental arifmetika II” tapgyry 6-9 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda  abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda belli tertipde birbelgili we ikibelgili natural sanlary goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirerler. Öňki tapgyra görä çylşyrymly meseleler çözerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Kiçi ýaşly çagalar üçin mental arifmetika III” tapgyry 6-9 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda has çylşyrymly meseleler işlärler. Abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda belli tertipde ikibelgili we üçbelgili natural sanlary goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika I” tapgyry 10-13 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda abakus bilen tanyşarlar. Aşaky we ýokarky monjuklarda belli tertipde birbelgili we ikibelgili natural sanlary aňsatlyk bilen goşup hem aýryp bilerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika II” tapgyry 10-13 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda  abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda belli tertipde birbelgili we ikibelgili natural sanlary goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirerler. Öňki tapgyra görä çylşyrymly meseleler çözerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika III” tapgyry 10-13 ýaş çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda has çylşyrymly meseleler işlärler. Abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda aňsatlyk bilen ikibelgili we üçbelgili natural sanlary goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika IV” tapgyry her iki bölümiň üç tapgyryny gutaran çagalar üçin niýetlenilip, bu tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda has çylşyrymly meseleler işlärler. Öňki öwrenen amallaryny ýatdan gaýtalamak bilen aňlaryny ösdürerler. Abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda birbelgili, ikibelgili we  belgili natural sanlarda x2, x3, x4, x5,x6, x7 köpeltmek kombinasiýalaryny ýerine ýetirmegi öwrenerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika V” tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda has çylşyrymly meseleler işlärler. Öňki öwrenen amallaryny ýatdan gaýtalamak bilen aňlaryny ösdürerler. Abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda birbelgili, ikibelgili we  belgili natural sanlarda x8, x9 köpeltmek kombinasiýalaryny we ÷ 2, ÷ 3 bölmek kombinasiýalaryny ýerine ýetirmegi öwrenerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. “Çagalar üçin mental arifmetika VI” tapgyry gutaran çagalar kursuň dowamynda has çylşyrymly meseleler işlärler. Öňki öwrenen amallaryny ýatdan gaýtalamak bilen aňlaryny ösdürerler. Abakusda hemde ýörite abakus kartlarynda birbelgili, ikibelgili we  belgili natural sanlarda ÷ 4, ÷ 5 ÷ 6, ÷ 7,÷ 8, ÷ 9 bölmek kombinasiýalaryny ýerine ýetirmegi öwrenerler. Ýatkeşligi ösdürmek üçin degişli beýin türgenleşik işlerini geçirerler. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.