"Topograf" okuwynyň umumy möhleti 6 aý bolup (1-nji dereje 3 aý, 2-nji dereje 3aý), “Topograf” okuwyny öwretmegiň esasy meselesi, diňleýjilere amaly geodezik işler barada çuňňur bilim bermekden, şeýle-de, çylşyrymly geodezik işleri we dürli görnüşdäki geodezik ölçemeleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip bilmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Şu okuw boýunça bilim alýan diňleýjiler geodeziýa, aerofototopografiýa we kartografiýa kärhanalarynda esasy geodezik işleriň, topografik kartalaşdyrmalaryň, kartografik işleriň, gurluşyk meýdançalarynda we geodinamiki poligonlarda geçirilýän geodezik işleriň umumy düzgünlerini we usullaryny öwrenip, olaryň usulyýetini we täzeçe taslamalaryny, guramaçylyk-dolandyryş işlerini ýerine ýetirmäge degişli tehnologiýalary işläp düzmekleri üçin taýýarlanylýar. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.