Maliýe hasabaty-1 okuwynyň möhleti 3 aý dowam edip, Okuwyň maksady: Kiçi we orta telekeçilik işiniň subýektleri bolup durýan kärhanalarda işlejek buhgalterlere, kassirlere bilim bermek. Okuw geçilmegi niýetlenen toparlar: • kiçi we orta işewürlikde iş alyp barýan telekeçiler; • ýokary orta we aşaky gatlaklaryň ýolbaşçylary; • täjirçilik guramalaryň işgärleri; • döwlet edaralarynyň işgärleri; • kiçi kärhananyň hasapçysy wezipesine dalaş edýänler. Okuwyň usuly maksady: • okuwyň amaly maksada gönükdirilmegi; • diňleýjilerde buhgalter hasabynyň ýagdaýy we esasy öşüş ugurlary barada düşünjeleri ösdürmek; • esasy meseleleri okuwyň bütin dowamynda çözgüdiniň gözlegi alnyp barylýan wezipäniň çäginde ýörite türgenleşik ýumuşlaryny işlemek arkaly derňemek we diňleýjilere hemme buhgalter resminamalaryny seljerip bilmek endiklerini öwretmek; Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.