Fizika okuwy 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrynyň möhleti 3 aý dowam edýär. Fizika dersini öwretmegiň maksady okuwçylara tebigat hadysalaryny düşündirmekden, olarda amaly başarnyklary kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Fizika dersini öwretmegiň wezipeleri: -Garaşsyz Watany ykdysady taýdan berkitmekde fizikanyň ähmiýetini, şeýle-de dünýä alymlary bilen bir hatarda türkmen alymlarynyň fizika ylmyna goşan goşantlaryny bellemek bilen, okuwçylarda ene topraga, ata Watana, dünýä siwilizasiýasyna özüniň saldamly goşandyny goşan Türkmen halkyna bolan guwanç, buýsanç duýgulary ösdürmek; -halk hojalygynyň dürli pudaklarynda täze tehnologiýalary we mehanizmleri ulanmakda fiziki bilimleriň möhümligini görkezmek; -dünýäniň häzirkizaman şekili barada düşünjeleri kemala getirmekde fizikanyň möhüm ähmiýetini düşündirmek; -häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiň esasy ugurlary, täze energiýa çeşmelerini gözlemek we energiýany tygşytlamak, fizikanyň kanunlarynyň esasynda täze tehnologiýalary ulanmak bilen has täze tehnikalary döretmek ýaly işler bilen okuwçylary tanyşdyrmak; -nazary bilimleri bilen tejribeleriň özara baglanyşygyny düşündirmek arkaly, okuwçylarda fizikany öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek hem-de hünäri oýlanyşykly saýlap almaga taýýarlamak; -okuwçylaryň pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek, olarda fiziki hadysalara gözegçilik etmek, düşündirmek başarnyklaryny we endiklerini terbiýelemek; -okuwçylaryň okuw kitaplary we başga edebiýatlar bilen özbaşdak işläp bilmek we zerur bolan maglumatlary tapyp bilmek başarnyklaryny kemala getirmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.