Himiýa

    Himiýa okuwy 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrynyň möhleti 3 aý dowam edýär. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýerasty we ýerüsti baýlyklary öwrenilmäge degişlidir. Sebäbi, biziň dünýä belli, ýokary hilli nebitimiz, gazymyz, duzumyz, kükürdimiz, gymmat bahaly ýodumyz we ş.m. örän köp himiki baýlyklarymyz bar. Bu önümleri gaýtadan işläp, halk hojalygyna peýdaly önümleri öndürýän ylmyň gazananlarynyň soňky derejeleri bilen doly üpjün edilen, dünýä ölçeglerine gabat gelýän kärhanalarymyz bar. Döwletimizde öndürilýän önümler diňe özümizi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlere hem satylýar. Türkmenistanyň orta biliminiň mazmuny okuwçylaryň dersler boýunça bilim, başarnyk we tejribe almaklaryny, olaryň durmuşa doly gatnaşmaklaryny häsiýetlendirýär. “Himiýa” okuwynyň esasy maksady we wezipeleri: barha ösýän jemgyýetde ýaşamaga ukyply, jemgyýetiň bähbitlerini we özüniň şahsy bähbitlerini goramak üçin taýýar, bilimli döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek, dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň bilimde, ylymda, medeniýetde, sungatda, ýokary tehnologiýada we ykdysadyýetde ýokary derejeli döwlet bolmagyny gazanmak. Okuwçylarda dersi özleşdiriş ukybyny ýokarlandyryp, onuň durmuş bilen arabaglanyşygyny ýola goýmaly. Şeýle hem, mekdep okuwçylarynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna guwanç we buýsanç döredip, olary tygşytly we ýerlikli ulanyp hem-de tebigatyň tämizligini goramagyň usullaryny öwredip, geljekde Watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemeli. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.