Rus dili okuwynyň her tapgyry 3 aý dowam edýär (3 tapgyr: I dereje (Русский язык - Элементарный уровень), II dereje (Русский язык - Базовый уровень), III dereje (Русский язык - Третий уровень)). Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Bu ugurda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Bu maksatnama rus dilini çuňňur öwrenmek isleýän ähli okuwçylara, talyplara we hünärmenlere niýetlenilendir. Okuwyň maksady: diňleýjilerde kommunikatiw endikleriniň esasy 4 ugruny (geplemek, düşünmek, okamak, ýazmak) kämilleşdirmek. Okuwyň wezipeleri: • diňleýjilerde kommunikatiw endikleriniň esasy 4 ugruny kämilleşdirmek; • gepleşik endiklerini kemala getirmek; • durmuş-medeni endiklerini kemala getirmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.