Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary

    Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary okuwynyň möhleti 4 aý dowam edip, Okuwyň maksady : Kiçi we orta telekeçilik işiniň subýektleri bolup durýan kärhanalarda işlejek buhgalterlere, kassirlere bilim bermek. Okuw geçilmegi niýetlenen toparlar: • kiçi we orta işewürlikde iş alyp barýan telekeçiler; • ýokary orta we aşaky gatlaklaryň ýolbaşçylary; • täjirçilik guramalaryň işgärleri; • döwlet edaralarynyň işgärleri; • kiçi kärhananyň buhgalteri wezipesine dalaş edýänler. Okuwyň usuly maksady: • Okuwyň amaly maksada gönükdirilmegi; • Diňleýjilerde buhgalter hasabynyň ýagdaýy we esasy öşüş ugurlary barada düşünjeleri ösdürmek; • Dürli usullary we tärleri ulanyp, buhgalter hasabyndaky we salgyt syýasatyndaky bolýan üýtgetmeleri göz öňünde tutup, buhgalter hasabynyň we salgyt,statistika, pensiýa hasabynyň ilkinji iş salşylýan resminamalaryny öwrenmegiň mysalynda okatmak; • Esasy meseleleri okuwyň bütin dowamynda çözgüdiniň gözlegi alnyp barylýan wezipäniň çäginde ýörite türgenleşik ýumuşlaryny işlemek arkaly derňemek we diňleýjilere hemme buhgalter resminamalaryny seljerip bilmek endiklerini öwretmek. Işiň ahyrynda baş kitap derejesinde ol resminamalary beýan edip bilmegi, maliýe hasabatlylygynyň toplumyny düzmäni we onuň derňewini geçirip bilmegi öwrenmek. Okuw üçin gerekli resminamalar: 1 (bir) sany 3x4-lik surat, raýatlyk pasportynyň nusgasy. Okuw tölegli esasda şertnama baglanyşmak bilen amala aşyrylýar.